Moskwada dabaraly ýagdaýda Magtymguly Pyragynyň heýkeli açyldy

  • 02.10.2024 19:12
  • 17k+

30-njy sentýabrda Moskwada M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň merkezi eýwanynda Magtymguly Pyragynyň bürünçden ýasalan heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Dabaraly çärä Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň we degişli pudak edaralarynyň, Russiýa Federasiýasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, KHBS-iň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, talyp ýaşlar we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew, Russiýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary S.Perşin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili M.Şwydkoý, M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň Baş direktory P.L.Kuzmin, Magtymguly Pyragynyň eserlerini rus diline terjime eden I.Ýu.Golubniçiý we beýlekiler çykyş etdiler.
Şeýle hem çärä hormatly myhman hökmünde Jemagat diplomatiýasyna goldaw bermek boýunça A.M.Gorçakow adyndaky gaznanyň ýerine ýetiriji direktory L.Draçewskiý hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkelini döreden Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş-heýkeltaraş Z.Babaýew gatnaşdylar.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......