Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

  • 02.10.2024 15:29
  • 4.6k+

9 — 12-nji oktýabrda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergi geçiriler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde serginiň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
Bu ýyl sergi Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň Dolandyryş müdirliginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň çäginde geçiriler.
Guramaçylar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar. 
Serginiň iş wagty:

  • 9-njy oktýabrda sagat 13:30-dan 18:00-a çenli; 
  • 10-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 
  • 11-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 
  • 12-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 14:30-a çenli.

9-njy oktýabrda "Sport" myhmanhanasynda daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda ylmy maslahat açylar. Maslahat 12-nji oktýabra çenli öz işini dowam eder we 19 sany tematiki bölümçelerde geçiriler.
Maslahatyň barşynda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamynda ileri tutulýan meseleler, innowasion tehnologiýalar we sanly lukmançylyk meseleleri maslahatlaşylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 46-18-66. 


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......