Türkmen alymlary çölleşmä garşy biomaterial işläp taýýarladylar

  • 01.10.2024 13:42
  • 5.5k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Biotehnologiýa bölümi "Gök-ýaşyl suwotylarynyň esasynda bionanokompozit materialynyň tehnologiýasyny işläp düzmek" boýunça awtorlyk hukugyny berýän şahadatnama aldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bu işläp taýýarlamalar çölleşmä garşy, ýel eroziýasyna we çägäniň göçmegine garşy göreş üçin niýetlenendir. Bionanokompozit material erodirlenen çäge we çöl ýerleriniň zoo- we fitomeliorasiýasy üçin, şeýle hem gurluşyk we bioenjamlary döretmekde ulanylyp bilner.

«Çägäniň göçmegi oba hojalyk ekinlerini, derýalary, suw howdanlaryny, ulag magistrallaryny we beýleki desgalary örtüp, halk hojalygyna düýpli zyýan ýetirýär" - diýip, Biotehnologiýa bölüminiň müdiri Altyn Rahmanowa belleýär. - Biz çölleşmä garşy täsirli göreş usulyny hödürledik. Onuň esasynda gök-ýaşyl suwotylaryny (sianobakteriýalar) ulanmaklyk durýar - diýip, ol belleýär.


şu gün 20:31
170

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......