Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady

  • 01.10.2024 11:46
  • 4.5k+

1-nji oktýabrda dünýäde Ýaşulularyň halkara güni bellenilip geçilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan bu halkara baýram mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşuly nesillerini hem-de ähli halkyny gutlady. 

Resmi metbugatça çap edilen hatda döwlet Baştutany bu halkara baýramçylygyň "göwün galkyndyryjy dabaralarynyň il sylagly ýaşulularymyzy, mähriban enelerimizi, ähli watandaşlarymyzy Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen belent maksatlarymyzyň töwereginde mäkäm jebisleşdirjekdigine, eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjakdygyna berk ynanýandygyny" belleýär.

 

Serdar Berdimuhamedow "tutumly işlerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda, agzybirligimiziň we jebisligimiziň has-da pugtalandyrylmagynda baý zähmet hem-de durmuş tejribesi bolan ýaşuly nesliň beýik maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan dana pikirlerine, paýhasly maslahatlaryna aýratyn ähmiýet berýäris. Siziň her bir maşgalada asudalygy we agzybirligi üpjün etmekde, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmelerimizi amala aşyrmakda alyp barýan işleriňiz, maslahatlaryňyz, goldawlaryňyz, öwüt-ündewleriňiz örän möhümdir. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan bu ajaýyp ýörelgeler nesilleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýän, halkymyzy jebisleşdirýän, döredijilikli, beýik işlere ruhlandyrýan nusgalyk durmuş mekdebidir" diýip belleýär.

Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularymyzyň döwletli maslahatlarydyr teklipleri esasynda ýurdumyzy we jemgyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilendigini nygtaýar. 


11.06.2026 22:20
6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....