Türkmenistanyň we Kambojanyň DIM-leri özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

  • 30.09.2024 15:56
  • 3.1k+

28-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Kamboja Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Sok Çenda Sofean bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kamboja Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky işewürlik we söwda hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, söwda gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin işewür wekiliýetleri we söwda pudagynyň wekillerini alyşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler şeýle hem Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy (ASEAN) bilen bilelikdäki çäreleri guramak we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......