Türkmenistan ÝHHG-niň çäklerinde howpsuzlyk, ekologiýa we ulag boýunça tekliplerini beýan etdi

  • 30.09.2024 15:49
  • 2.8k+

28-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, Jedelleriň öňüni almak boýunça merkeziniň ýolbaşçysy Ketrin Firon bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda häzirki wagtda dowam edýän we geljekki bilelikdäki iri taslamalar hem-de maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň sebitleýin howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ünsi çekmek bilen, guramanyň işini häzirki görnüşinde mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýändigi bellenildi.
R.Meredow ozal ÝHHG-niň çäklerinde öňe sürlen Bitewi howpsuzlyk strategiýasyny, ÝHHG-nyň ekologik maksatnamasyny taýýarlamak we durnukly ulag boýunça degişli düzümi döretmek ýaly teklipleri gaýtadan beýan etdi. Bular Guramanyň işleýşini kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan we şol bir wagtyň özünde daşky gurşawy goramak hem-de ulag infrastrukturasyny ösdürmek meselesinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna jogap berýär.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......