Google öňki işgärini yzyna gaýtaryp getirmek üçin 2,7 milliard dollar töledi

  • 30.09.2024 13:47
  • 9.8k+

Google 2021-nji ýylda öňki işgäri Noam Şazir tarapyndan döredilen Character AI startapynyň tehnologiýalaryna ygtyýarnama almak üçin 2,7 milliard dollar töledi. Forbes-iň habar bermegine görä, Google-yň esasy maksady emeli aň pudagyndaky gözlegleri bilen tanalýan Şaziri yzyna kompaniýa gaýtaryp getirmekdi.

Şazir häzirki wagtda Google-da wise-prezident bolup işleýär we kompaniýanyň Gemini ýaly AI algoritmlerini ösdürmegiň üstünde işleýär. Habarly çeşmäniň berýän maglumatyna görä, bu hünärmeniň gaýdyp gelmegi üçin Google şeýle uly mukdardaky puly tölemäge razy boldy.
Noam Şazir 2000-nji ýyldan bäri Google-da işleýärdi. 2017-nji ýylda ol kärdeşleri bilen bilelikde generatiw nerw ulgamynyň tehnologiýalarynyň başlangyç nokady diýlip atlandyrylýan "Üns beriň – bu size gerek zatlar" atly makalany çap etdi. Şazir 2021-nji ýylda Google-dan çykyp, kompaniýany innowasiýalary ornaşdyrmaga päsgel berýän býurokratçylykda günäkärledi.
Onuň döreden Character AI-si 150 million dollar maýa goýumyny özüne çekdi we gymmaty 1 milliard dollara barabar boldy.  OpenAI we Microsoft bilen bäsleşik şertlerinde Şazir täze maliýe çeşmelerini gözledi we ahyrda Google-yň enelik kompaniýasy Alphabet bilen ylalaşyk baglanyşdy. Ylalaşygyň netijesinde Şazir we onlarça Character AI-niň işgäri Google-a geçdiler.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......