Astronomlar Akmaýanyň ýolunyň 1,5 mlrd obýekti öz içine alýan jikme-jik kartasyny döretdiler

  • 30.09.2024 10:52
  • 3.5k+

Astronomlar Akmaýanyň ýolunyň 1,5 milliarddan gowrak obýekti öz içine alýan has jikme-jik infragyzyl kartasyny hödürlediler. Taslama Ýewropanyň günorta obserwatoriýasynyň (ESO) VISTA teleskopynyň kömegi bilen amala aşyryldy diýip, IXBT habar berýär.

Andres Belo uniwersitetinden Dante Minnitiniň ýolbaşçylygyndaky topar galaktikanyň merkezi sebitlerine 13 ýyldan gowrak wagt gözegçilik etdi. VIRCAM infragyzyl kamerasy Akmaýanyň ýolunyň içki zolaklaryny gizleýän tozanlaryň we gazyň arasyndan “görmäge” mümkinçilik berdi.
Karta 8600 dolan Aýa barabar meýdany gurşap alýar we 200 000 suraty saklaýar. Ol ýyldyzlary, şar üýşmelerini, planetalary we goňur karlikleri öz içine alýar. 
Maglumatlar 300-den gowrak ylmy makalanyň netijesi bolan VVV we VVVX taslamalarynyň çäklerinde ýygnaldy. Şeýle-de, astronomlar obýektleriň hereketini we olaryň ýagtylygynyň üýtgeýşini yzarlap bildiler.

“Biz şeýle köp açyş etdik welin, olar galaktikamyz baradaky düşünjäni hemişelik üýtgetdi” – diýip, Dante Minniti aýdýar.

ESO obserwatoriýasy VISTA-ny 4MOST guraly bilen üpjün etmek we Örän Uly Teleskopda (VLT) MOONS guralyny ulanmak arkaly gözlegleri dowam etdirmegi meýilleşdirýär.
Olar bilelikde bu gözlegde öwrenilen millionlarça obýektleriň spektrini hödürlär, şunuň bilen baglylykda alymlar köp täze açyşlara garaşýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....