Türkmen talyplary «John Deere» kompaniýasynyň Ýewropadaky zawodlarynda tejribelik geçdiler

  • 30.09.2024 10:14
  • 8.1k+

14–21-nji sentýabry aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 15 talyby «John Deere» kompaniýasynyň Germaniýadaky we Niderlandlardaky maşyngurluşyk zawodlarynda önümçilik tejribeligini geçdiler. Tejribelikde talyplara  ýokary okuw mekdebiniň mehanizasiýa fakultetiniň mugallymlary ýolbaşçylyk etdi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Tejribelik sapary öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmek we özleşdirmek hem-de döwrebap önümçilik tehnikalary bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen amala aşyryldy.
Saparyň çäklerinde türkmen talyplary Germaniýanyň Mangeým şäherinde ýerleşýän «John Deere» kompaniýasynyň traktor öndürýän zawodyna, Bruhzal şäherinde «John Deere» kompaniýasynyň traktorçynyň oturýan we dolandyrýan ýerini düzüp ýygnamaga ýöriteleşen zawodyna, Kaýzerslautern şäherinde ýerleşýän Ýewropa tehnologiýalar we innowasiýalar merkezine baryp gördüler. Bu ýerlerde
 myhmanlar üçin kompaniýanyň bilermenleriniň gatnaşmagyna tanyşdyrmalar guraldy.

Saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti «John Deere» kompaniýasynyň Niderlandlar Patyşalygynyň Horst şäherindäki zawodyna hem baryp gördi. Bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň özi ýöreýän, pürküji hem-de tirkeg enjamlar ýaly nusgalarynyň önümçiligi ýola goýlupdyr.
«John Deere» kompaniýasy ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Amerikanyň bütin dünýä belli, eýýäm, 25 ýyldan gowrak wagt bäri oba hojalyk tehnikalarynyň iň döwrebap nusgalaryny hödürläp, türkmen bazarynda özüni tanatdy.


düýn 23:39
1k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.8k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......