Raşid Meredow BMG-de Antoniu Guterriş bilen gepleşikleri geçirdi

  • 29.09.2024 20:48
  • 5.3k+

28-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda, BMG-niň ştab-kwartirasynda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berip, ýurduň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň nusgasy bolup durýandygyny belledi. BMG-niň ýolbaşçysy şeýle hem raýatsyzlygy ýok etmek we bu ugurda işleri dowam etmek babatda durmuşa geçirýän tagallalary üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar sebit howpsuzlygyna degişli meseleleri, şol sanda Owganystana kömek meselelerini maslahatlaşdylar. Türkmenistan tarapyndan owgan halkyna berilýän goldaw aýratyn nygtaldy.
R.Meredow Guterriş bilen BMG-niň Baş sekretarynyň 2024-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana üstünlikli saparyny we onuň netijelerini belläp geçdiler.
Türkmenistanyň daşary işler ministri ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-de yglan edilen 2025-nji - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň taýýarlanýandygyny habar berdi.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......