Raşid Meredow Nýu-Ýorkda Kiprden, Yrakdan we Hindistandan kärdeşleri bilen duşuşdy

  • 29.09.2024 20:13
  • 5.1k+

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Kipriň, Yragyň we Hindistanyň daşary işler ministrleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Kipr Respublikasynyň daşary işler ministri Konstantinos Kombos bilen geçirilen duşuşykda söhbetdeşler daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky dialogy berkitmegi öz içine almak bilen syýasy-diplomatik ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministrler söwda-ykdysady, şeýle hem ylym-bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada pikir alyşdylar. Hususan-da, Kipriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak we bilim maksatnamalary boýunça alyş-çalyş mümkinçilikleri bellenildi. 
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmäge hem-de daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek we syýasy geňeşmeleri geçirmek hakynda degişli Ähtnamalary işläp-düzmäge, şeýle hem iki ýurduň jogapkär edaralarynyň arasyndaky söwda-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýarlyk beýan edildi.
Yrak Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Fuad Muhammed Huseýn bilen duşuşykda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge taýýarlygyny tassykladylar.
Ministrler SWAP usuly boýunça meýilleşdirilýän Yraga türkmen tebigy gazyny ibermek babatynda giňişleýin pikir alyşdylar. Maýa goýum hyzmatdaşlygy meselelerine hem garaldy we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Hindistanyň daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen duşuşykda sebit we halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlyk we  goldaw ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler ikitaraplaýyn saparlary guramak, bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.
Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäginde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň ähmiýeti bellendi. Şunuň bilen baglylykda, bu toparyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň zerurlygy bellenildi.
Energetika hyzmatdaşlygy we iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy hem pikir alyşmalaryň aýratyn ugry boldy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm orny, ähmiýeti we sebitiň ösdürilmegine goşýan goşandy bellenildi.
Sebit gün tertibi barada aýdylanda taraplar ýakyn wagtda geçiriljek «Merkezi Aziýa + Hindistan» görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna taýýarlyk barada pikir alyşdylar.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......