Nýu-Ýorkda türkmen wekiliýeti parahatçylygy gurmak bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

  • 29.09.2024 19:56
  • 2.5k+

27-nji sentýabrda daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretaryň syýasy we parahatçylygy gurmak meseleleri boýunça orunbasary Rozmari A. Dikarlo bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşykda Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigi bellenildi.
Taraplar häzirki zaman sebit we halkara gün tertibi barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, sebitde we tutuş dünýäde halkara hyzmatdaşlygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmak işinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we BMG-niň özara gatnaşyklarynyň, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) işiniň üsti bilen sebitde parahatçylygyň binýadyny, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy. MAÖDSM-nyň mümkinçiliklerini giňeltmek barada hem pikir alyşmalar geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan möhüm goşandy bellenildi. Türkmenistan Owganystana yzygiderli ynsanperwer ýüklerini iberýär, durmuş maksatly desgalary gurýar, ýerli ilata lukmançylyk ýardamyny berýär.
Taraplar BMG-niň degişli düzümleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanda geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen geljekki ädimlere hem garalyp geçildi.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......