Türkiye bilen Germaniýa döner-kebabyň taýýarlanyş usuly barada jedele girdiler

  • 29.09.2024 15:53
  • 16k+

Ýewropa Komissiýasy döner-kebabyň taýýarlanyş usuly baradaky jedelde ylalaşyk gazanmak üçin Türkiýä bilen Germaniýa alty aý möhlet berjekdigini habar berdi. Eger taraplar çözgüt tapmasa, meşhur tagamyň nemes kärhanalarynda nähili taýýarlanmalydygyny ÝB özbaşdak kesgitlär diýip, The Economist neşiri habar berýär.

2022-nji ýylda Türkiye Ýewropa Bileleşigine Germaniýada öz döner kebabynyň däp bolan taýýarlanyş usulyny goramak baradaky haýyş bilen ýüz tutdy. Ankara ýörite goşundy bilen mäjumlanan et (sygyr eti, towuk we goýun eti bolýar, göle we hindi towugynyň eti bolanok) marinada ýatyrylan we dik çişde gowrulan bolmaly, saçaga belli bir garnirli görnüşde alynmaly diýip hasaplaýar. Türkiye öz haýyşyny ÝB-niň Önümler üçin ýörite bellik etmegi göz öňünde tutýan däp bolan tagamlar baradaky kanuny bilen delillendirdi.
Emma Germaniýa türk haýyşyna garşy çykdy. 1970-nji ýyllarda türk immigrantlary tarapyndan oýlanyp tapylan döner-kebabyň nemes görnüşinde etiň üstüne kelem ýa-da salat ýapylýar, üstüne sous guýulýar (meselem, sarymsakly. Türkiýede beýle edilenok) we pita çöregine dolanýar.
Umuman alanyňda, Ýewropada döneriň satuwy, takmynan, 3,5 milliard ýewro girdeji getirýär, şonuň 2,3 milliardy hut Germaniýa degişlidir. Eger Türkiye özünkini dogry etse, döner kebap diýlip atlandyrylýan tagam ÝB ýurtlarynda täze at bilen satylmaly bolar.
The Economist Germaniýada we Türkiýede döner kebabyň bahasynyň ýokarydygyny, bir paýynyň 10 ýewro töweregi durýandygyny belleýär. Maý aýynda nemesler bahalaryň birden ýokarlanandygyny göz öňünde tutup, hökümeti döner taýýarlamak işini subsidirlemäge çagyrdylar.


düýn 08:03
4.1k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

07.06.2026 10:00
3.5k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

01.06.2026 20:16
6.4k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

26.05.2026 12:36
3.1k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......