Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda çykyş etdi

  • 28.09.2024 23:19
  • 10k+

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň umumy mejlisinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Çykyşynyň dowamynda Raşid Meredow ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi gazanmakda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň ähmiýetini belläp geçdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategiki hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi we ynsanperwer meseleler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Raşid Meredowyň çykyşynyň doly tekstini getirýär.


şu gün 14:19
427

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......