Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

  • 28.09.2024 23:04
  • 12k+

Şu gün - 28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Serdar Berdimuhamedow ýolugruna Arkadag şäheriniň we paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň özboluşlylygy, halk döredijiliginiň we senetçiliginiň aýratynlyklary bilen tapawutlanýan giň gerimli sergi bölümlerini synlady.


Sergide Arkadag şäherine Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen “akylly” şäherleriň “World Smart City Expo 2024” atly Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Iň tapawutlanan akylly şäher”, Daşary ýurt akylly şäheri, «World Smart City Expo 2024» akylly şäherleriň halkara sergisine goşan uly goşandy üçin  berlen sylaglar möhüm orun berlipdir.

Şeýle-de sergide nepis halylar we ýüpek matalar, türkmen milli lybaslary, şaý-sepler, dokma, keçe, deri we agaç önümleriniň özboluşly nusgalary, milli saz gurallary, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen at esbaplary, zähmet gurallary, sowgatlyk önümler görkezildi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow esasy münberden baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi.
Dürli aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi. Olaryň her birine atlaryň 12-si gatnaşyp, özleriniň iň gowy sport häsiýetlerini görkezdiler.
Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy diýip, "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.1k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......