Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda ÝHHG-niň, YHG-nyň we BMG-niň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 28.09.2024 22:32
  • 4.5k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine amala aşyrýan saparynyň ilkinji gününde - 26-njy sentýabrda daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ÝHHG) Başlyklyk edýän Malta Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Ýan Borg bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar ÝHHG-niň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar şu ýylyň ahyrynda geçiriljek ÝHHG-niň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýetini bellediler.
Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Malta Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ozalky Baş sekretary, ilçi Helga Şmid bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda sebit howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, sanlylaşdyrma, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça başlangyçlary nazara almak bilen, hanym Şmidiň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy nygtaldy.

Şeýle hem 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen YHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini bellediler we özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda-ykdysady bileleşme, sanlylaşdyrmak we medeni gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Söhbetdeşler guramanyň çäklerindäki halkara hukuk binýadyny berkitmek we ýurdumyzyň guramanyň işgärler düzümine goşýan goşandy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde aýratyn durup geçdiler.
Şeýle hem YHG-niň Baş sekretary Arkadag şäheriniň halkara derejesindäki üstünliklerine we şäherde innowasiýa çözgütleriniň giňden durmuşa geçirilýändigine ünsi çekip, täze akylly şäherde YHG-niň howandarlygyndaky ýokary derejeli, ilkinji nobatda, durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan çäreleri guramaga gyzyklanma bildirdi.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......