Çehiýanyň işewürler wekiliýeti şu ýylyň oktýabrynda Aşgabada sapar bilen geler

  • 28.09.2024 22:17
  • 2.7k+

26-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Çehiýanyň daşary işler ministri Ýan Lipawski bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Syýasy-diplomatik ugur babatda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany we Hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny işläp düzmek barada ylalaşdylar.
Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlygynyň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Çehiýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasarynyň 2025-nji ýylda Türkmenistana boljak saparynyň ähmiýeti nygtaldy.
Söwda-ykdysady ugurdaky özara gatnaşyklar barada aýtmak bilen, taraplar bu ugurda bar bolan mümkinçiliklere esaslanmak arkaly, gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi dogrusynda pikir alyşdylar.
Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-çeh iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar. Söwda-ykdysady işjeňlige itergi bermek nukdaýnazaryndan Çehiýa Respublikasynyň işewürler wekiliýetiniň şu ýylyň oktýabrynda Aşgabada boljak saparynyň ähmiýeti bellenildi.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......