Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada Söwda öýüni açmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

  • 28.09.2024 22:12
  • 4.7k+

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin bu ýurda iş saparyny amala aşyrdy. Hususan-da, Ýaponiýada Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak mümkinçiligine garaldy diýip, ORIENT habar berýär.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Dokma senagaty ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) we dokma senagatyna ýöriteleşen ýapon kompaniýalarynyň, şol sanda Masui Co. Ltd., SHIMA SEIKI, Kuraray Trading Co. Ltd, Taishoboseki, Nitivy Co.Ltd kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Gepleşikleriň barşynda türkmen dokma önümlerini ýapon bazaryna eksport etmek mümkinçilikleri öwrenildi. Türkmen tarapy Ýaponiýanyň dokma senagatyndaky öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşdy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......