Amerikan startapynyň syýahat kapsulasy atmosferanyň iň ýokary serhedine ýetdi

  • 28.09.2024 21:21
  • 4.2k+

 

Space Perspective amerikan startapy Neptun-Excelsior kosmiki gämisiniň üstünlikli synaglaryny yglan etdi. Germetik kapsulany göterýän şar 15-nji sentýabrda “Woýajer Deňiz kosmodromyndan” uçuryldy we Ýeriň üstünden 30,5 km belentlige çykdy.

Kapsula atmosferanyň we kosmosyň serhedine ýetdi.
Uçarmansyz uçuş alty sagat dowam etdi. Şol wagtyň içinde kompaniýanyň inženerleri gäminiň esasy ulgamlaryny, şol sanda uçuş gözegçiligini, uçuşy we gonuşy synagdan geçirdiler.
Diametri 4,9 m bolan kapsula sekiz syýahatçy we kapitan üçin niýetlenendir. Ol “kosmos” şertlerinde amatly temperaturany we basyşy üpjün edýän ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr.


Neptun-Excelsior wodorodda işleýär we 19 km/s tizlik bilen beýiklige galýar. Suborbital uçuşlar bilen deňeşdirilende, bu gämi has uzak we rahat kosmos tejribesini hödürleýär.
Space Perspective 2025-nji ýylda täjirçilik uçuşlara başlamagy meýilleşdirýär we syýahatçylara 125 müň dollarlyk syýahaty hödürleýär. Deňeşdirmek üçin, Virgin Galactic-däki uçuşyň bahasy 450 müň dollar.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......