Aý suwa pikir edilişinden has baý. Alymlar Ýeriň tebigy hemrasynyň ähli giňişliklerinden onuň yzlaryny tapdylar

  • 28.09.2024 14:35
  • 9.1k+

ABŞ-ly alymlar topary Aýyň ähli giňişliklerinde, şol sanda Günüň düşýän ýerlerinde hem suwuň yzlarynyň bardygyny anykladylar. The Planetary Science Journal ylmy žurnalynda çap edilen bu açyş Ýeriň tebigy hemrasynyň çeşmeleri baradaky düşünjeleri düýbünden özgerdýär.

Barlag hindi “Çandraýan-1” kosmiki gämisiniň Moon Mineralogy Mapper guraly arkaly alnan, Aýyň mineralogiki kartalarynyň seljermesine esaslandy. Alymlar Aýyň ähli ýerinde suwa we gidroksile baý dag jynslarynyň bardygyny anykladylar.
Mundan ozal hytaýly alymlar Aýda suw almak üçin ýeterlik çeşmeleriň diňe Aý polýuslarynda, Gün şöhlesiniň baryp ýetmeýän ýerlerinde jemlenendigine ynanýardylar. Täze barlag Aýyň tutuş ýüzünde, şol sanda ekwator sebitlerinde hem suwuň bolup biljekdigini görkezýär.
Bu gözleglere gatnaşan, Planetar ylmy institutyň uly alymy Rojer Klark: "Geljekki astronawtlar, hatda ekwatoryň golaýyndan hem suw tapmaklary mümkin" - diýdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....