Hytaýly alymlar 3D printerde balyk etini çap etdiler. Ol tebigy ete 90% kybap gelýär

  • 28.09.2024 12:32
  • 8.7k+

Çžeszýan uniwersitetiniň (Hytaý) alymlary 3D printerde ösümlik esasly balyk etiniň barabaryny çap etdiler. Synag wagtynda awçylykda meşhur balyk bolan sary gorbyla meňzeýän et döredildi.

Barlagçylaryň sözlerine görä, çap edilen önümiň tebigy et bilen meňzeşligi 90% boldy. Barlagyň netijeleri KeAi Food Physics žurnalynda çap edildi.
3D çap etmek tehnologiýasy balygyň arkasy we döşi, guýrugy ýaly esasy böleklerini döretmäge mümkinçilik berdi.
Esasy komponentler hökmünde soýanyň belogy, ksantan şepbigi, krahmal we karraginan ulanyldy. Goşundylaryň bu utgaşmasy tebigy balyk etinde bar bolan dokumany, çyglylygy we ýokumly maddalary takyk imitirlemegi üpjün etdi.
Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, dünýädäki balyk gorlarynyň 90% töweregi durnukly balyk tutulmak howpy astyndadyr. Ösümlik esasly balyk önümçiligi ekoulgamlary gorap saklamak üçin täsirli alternatiwa bolup biler. 3D çap etmek tehnologiýasy ekologiýa taýdan arassa deňiz önümleriniň ornuny tutjak önümleri döretmäge mümkinçiligi açýar.


21.06.2026 16:10
3.4k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.2k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....