Türkmen tarapy russiýaly hyzmatdaşlarynyň anyk tekliplerine garamaga taýýar – Serdar Berdimuhamedow

  • 27.09.2024 00:15
  • 13k+

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

“Wozroždeniýe”  kompaniýasynyň ýolbaşçysy ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine tüýs ýürekden buýsanýandygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek babatda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. 
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge we onuň gurluşyk hem-de senagat kuwwatyny artdyrmaga uly goşant goşýandygy bellenildi.
Şeýle hem häzirki wagtda Aşgabatda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Bu maksatnamanyň esasy maksady paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň birine öwürmekden ybaratdyr. 
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda daşary ýurtly işewürleriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilendigini nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny we türkmen tarapynyň russiýaly hyzmatdaşlarynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.


şu gün 07:51
124

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.1k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
855

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......