Oleg Kononenko Türkmenistany Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

  • 26.09.2024 14:49
  • 14k+

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Kosmonawtyň gutlagy metbugatda çap edildi.

Kononenko 24-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegine we rowaçlanmagyna, onuň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilendigini belledi.

"Şanly senä — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe sanlyja gün galdy. Meniň eziz Watanym Türkmenistanyň ýylsaýyn ajaýyp üstünlikleri gazanýandygyna, ykdysadyýetini berkidýändigine, ägirt uly durmuş ugurly maksatnamalary amala aşyrýandygyna, täze şäherleri gurýandygyna, ylmy, bilimi, sporty ösdürýändigine uly buýsanç bilen syn edýärin. Bitarap Türkmenistan dünýä giňişliginde belent abraýdan we hormatdan peýdalanyp, öz möhüm halkara başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagyny gazanýar.
Türkmenistanyň kosmos pudagynda gazanýan üstünlikleri meniň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdy tehnologik taýdan ösen döwletleriň hataryna goşýar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa meniň işim barada edýän yzygiderli aladalary, berýän ünsi, goldawy hem-de ýürekdeşligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn" diýip, Kononenko belleýär.


şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......