Türkmenistanyň täze 1 müň 146 raýatyna pasportlar gowşuryldy

  • 26.09.2024 10:26
  • 18k+

25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar gowşuryldy. Dabara Döwlet migrasiýa gullugynda geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.
Pasportlary gowşurmak dabarasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine raýatlygy bolmadyk adamlaryň jemgyýetimiziň doly hukukly agzalary bolmagy, olaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.


Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagta çenli 5 müň 18 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
Türkmenistan BMG-niň esasy halkara hukuk resminamalaryna — Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda, Apatridleriň derejesi hakynda, Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalara goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy, apatridlere we beýleki möhüm migrasiýa meselelerine bagyşlanan wekilçilikli forumlaryň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......