2025-nji ýyl — "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly": Türkmenistan çäreleriň maksatnamasyny taýýarlaýar

  • 25.09.2024 11:37
  • 8.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda Permana gol çekdi. 

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli göz öňünde tutulýan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edildi.
Resminama laýyklykda, 
Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek bilen bagly dabaralaryň hem-de çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün eder.
Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döwlet guramaçylyk toparyny döredilmeli hem-de onuň düzümi tassyklanylmaly.
Türkmenistanyň Mejlisi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak meselelerine bellenilen tertipde sereder.
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk, hukuk we maliýe meseleleri bilen bagly çözgütleriň taýýarlanmagyny, kabul edilmegini, ýerine ýetirilmegini hem-de gözegçilikde saklanmagyny üpjün eder.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, 2025-nji ýylyň dowamynda halkara derejedäki çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrar.
Degişli resminama metbugatda çap edildi.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......