Saharadan gelýän tozan deňiz jandarlary üçin esasy ýaşaýyş çeşmelerinden birine öwrüldi

  • 23.09.2024 10:29
  • 10k+

Florida ştatynyň uniwersitetiniň barlagçylary Saharadan howa arkaly gelýän tozanyň ummanlar üçin möhüm demir çeşmesidigini subut edýän barlag geçirdi. Bu madda fitoplankton we beýleki deňiz jandarlary üçin möhümdir diýip, Phys.org habar berýär.

Alymlar Atlantik ummanynyň düýbünden, Saraho-Sahel tozan dälizi diýlip atlandyrylýan sebitden alnan nusgalary seljerdiler. Hususan-da, dag jynslarynyň  nusgalary Mawritaniýanyň 200 we 500 km günbataryndan, Orta Atlantikden we ABŞ-nyň Florida ştatyndan 500 km uzaklykdaky ýerden ýygnaldy.
Netijede, hünärmenler nusgalarda demriň izotopiki düzüminiň Saharanyň tozanyna gabat gelýändigini anykladylar.
Netijeler Saharanyň tozanyndaky demriň häsiýetleriniň geçen aralygyna görä üýtgeýändigini görkezdi. Näçe uzak aralyga aşsa, şonça-da deňiz jandarlary üçin elýeterli görnüşe öwrülýär eken. Bu atmosferada bolup geçýän himiki prosesler bilen bagly şeýle bolýar.

Alymlar: "Bu barlag demir bilen baglanyşykly tozanyň ilkibaşky çeşmesinden uzak aralyga daşlaşybam ýaşaýşa ep-esli derejede täsir edip biljekdigi baradaky düşünjäni subut edýär" – diýip, sözüniň üstüni ýetirdiler.

Frontiers In Marine Science žurnalynda çap edilen bu barlag deňiz ekoulgamlarynyň deňagramlylygyny saklamakda Sahara çölüniň möhüm ornunyň bardygyna ünsi çekdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....