Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 22.09.2024 23:45
  • 15k+

22-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

RF-niň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda ýokary netijeler gazanyldy. 
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň mundan beýläk-de köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar. 


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....