Türkmenistanly okuwçylar Gresiýada Robototehnika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar

  • 22.09.2024 14:03
  • 12k+

Türkmenistanyň Robototehnika bölüminiň milli ýygyndysynyň agzalary 2024-nji ýylyň 26-29-njy sentýabry aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Afiny şäherinde 190-dan gowrak döwletiň gatnaşmagynda geçiriljek Robototehnika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar.

Ýaryşda Türkmenistanyň toparyna 12-nji synp okuwçylary Tekeýewa Aýlar, Ataýewa Gülhatyja, Batyrow Şatlyk, Muhammetorazow Merdan we 11-nji synp  okuwçysy Baýramow Aýhan wekilçilik eder. Topara Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 1-nji okuw we terbiýeçilik  mekdebiniň mugallymy Sähetgulyýew Myrat we “Kämil bilim” okuw merkeziniň Robototehnika bölüminiň mugallymy Badyýew Didarberdi ýolbaşçylyk eder.
Bu ýylky robotlar “Feeding The Future” temasy boýunça gurlup, dünýä çempionatynda çykyş ederler.
Türkmen toparynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, milli toparymyz öz robotynyň üstünde 4 aýlap işledi we çykyş üçin iň kämil görnüşe getirdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....