Türkmen hünärmenleri lukmançylyk barlaghanalarynyň hil dolandyrylyşynda başarnyklaryny artdyrýarlar

  • 22.09.2024 11:53
  • 5.6k+

Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) guramagynda lukmançylyk barlaghanalarynda hil dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça okuwlar geçirildi. Okuwlar BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt edarasy we guramanyň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan taýýarlanyldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Okuwlaryň esasy maksady - "Merkezi Aziýada bitewi saglyk" maksatnamasynyň çäklerinde ýurduň barlaghana gulluklarynyň mümkinçiliklerini berkitmek bolup durýar. Okuwlary halkara derejeli bilermenler Gülmira Kalmambetowa we Aleksandr Žaguparow geçirdi. Olar hil dolandyryş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça bilimlerini paýlaşdylar.
Okuwa gatnaşyjylar BSGG tarapyndan 2014-nji ýylda işlenip düzülen hil dolandyryş ulgamyny (LQSI) ornaşdyrmak boýunça amaly gözükdirmeleri öwrendiler. Bu gural ähli prosesleriň dogry ýerine ýetirilmegini üpjün etmek arkaly ulgamy ornaşdyrmagyň ähli tapgyrlarynda ýardam edýär.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......