Raşid Meredow Yslam ösüş bankynyň prezidenti bilen duşuşdy

  • 21.09.2024 23:42
  • 3.7k+

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Yslam ösüş bankynyň (YÖB) prezidenti Muhammad Suleýman Al-Jasser bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň bu bankyň agzasy bolan 30 ýylynyň dowamynda YÖB-niň ýurdumyzda saglygy goraýyş, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlary öz içine alýan 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşandygy nygtaldy.
Maliýe düzüminiň ýolbaşçysy bilen bolan pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistan üçin Hyzmatdaşlygyň strategiýasyny işläp düzmegiň ähmiýetine üns çekildi. Şeýle-de YÖB bilen Türkmenistanyň banklarynyň, hususy pudagynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ilkinji nobatda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek babatynda giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.


şu gün 18:57
658

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
960

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
981

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......