Daşoguz we Mary welaýatlarynda aragatnaşyk düzüminiň täze kärhanalary açyldy

  • 21.09.2024 23:18
  • 13k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öň ýanynda ýurdumyzyň Daşoguz we Mary welaýatlarynda aragatnaşyk düzüminiň täze kärhanalary ulanyşa berildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Täze bina «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň gurluşyk-abatlaýyş bölüminiň işçi-hünärmenleriniň güýji bilen guruldy. Bu ýerde meşhur Hytaý «HUAWEI» kompaniýasynyň sanly telefon stansiýasy oturdylyp, ol üç müňden gowrak müşderilere hyzmat etmäge niýetlenendir. Etrap aragatnaşyk bölüminiň döwrebap binasynda şäherara telefon aragatnaşygy, telefakslar, fakslar arkaly habarlary ýollamak nokatlary, awiakassalar, «Altyn asyr» milli elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň kassalary, abunaçylara gündelik neşirleri, žurnallary bökdençsiz paýlamaga we beýleki poçta hyzmatyny etmäge niýetlenen bölümler, internet kafesi, ýörite otaglar ýerleşdirildi.
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda-da täze aragatnaşyk kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Ol «Marytelekom» operatory tarapyndan hödürlenilýän telefon we internet ulgamy bilen birlikde giň gerimli hyzmatlary amala aşyrmak maksady bilen aragatnaşyk serişdeleriniň döwrebap derejede netijeli işlemegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Aragatnaşyk kärhanasynyň iki gatly binasy ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan ýokary ölçeglere laýyklykda bina edildi. Mary welaýat häkimliginiň «Marytelekom» aragatnaşyk kärhanasy bu desganyň buýrujysy, potratçysy bolsa «Marygurluşuk» birleşiginiň dokuzynjy gurluşyk-gurnama müdirligi çykyş etdi. 
Täze desganyň giň we ýagty önümçilik otaglarynda aragatnaşyk we tehniki işgärleriň 50-siniň oňaýly zähmet çekmegi üçin hemme şertleri bar. Kärhana Hytaýda öndürilen döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, olar dürli tölegleriň giň görnüşlerinden başlap, onlaýn-kinoteatr işlerine çenli ýokary tehnologiýaly aragatnaşygy üpjün edýär. World TV hyzmat hem bolup, ol onlaýn-kinofilmleri giňeltmegiň goşmaça mümkinçiliklerine eýe bolan bütin dünýäden dürli meşhur teleýaýlymlary özünde jemleýär. 


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......