Dynç günleri baýramçylyk şüweleňleri we filmler tomaşaçylara garaşýar

  • 20.09.2024 14:45
  • 4.7k+

Öňümizdäki dynç günleri paýtagtyň we Arkadag şäheriniň  sirkleri hem “Arkaç”  kinoteatry baý mazmunly maksatnamany hödürleýär. Tomaşaçylara dürli žanrly filmler, şeýle-de dünýä belli toparlaryň gatnaşmagynda sirk çykyşlary garaşýar.

Sirk çykyşlary
Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli paýtagtdaky Türkmenistanyň Döwlet sirki we Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirki akrobatlaryň, gimnastlaryň, klounlaryň we baş öwredilen haýwanlaryň gatnaşmagynda gyzykly şüweleňleri taýýarlady.
Tomaşaçylar “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň täsirli çykyşlaryna tomaşa ederler. Maksatnamada ahalteke atlarynyň gatnaşmagynda “Türkmen jigitleri” toparynyň, “Gündogaryň ýyldyzlary” toparynyň çykyşlary, akrobatik hereketler we fokuslar bar. Şeýle-de, tomaşaçylara baş öwredilen haýwanlaryň, darbazlaryň we klounlaryň ajaýyp çykyşlary görkeziler.

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Döwlet sirki

  • 22-nji sentýabr, 18:00

Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirki

  • 22-nji sentýabr, 15:00

Goşmaça maglumatlary almak we petek satyn almak üçin sirk.gov.tm resmi saýtyna girip bilersiňiz.

“Arkaç” kinoteatry
23-nji sentýabra çenli “Arkaç” kinoteatrynda aşakdaky filmler görkeziler:

Zal 1

  • ·15:00 – “Gaçyp bilmersiň” (Тебе не убежать, 2024)
  • ·18:00 – “Betnyşan” (Уродина, 2024)
  • ·20:10 – “Guýy” (Колодец, 2024)

Zal 2

  • ·15:10 – “Synçylar” (Наблюдатели, 2024)
  • ·18:00 – “Medeni komediýa” (Культурная комедия, 2024)
  • ·20:10 – “Hanym Içýan” (Леди Скорпион, 2024)

Zal 3

  • ·15:30 – “Jeňňel sakçylary: Dünýä syýahat” multfilmi (Дозор джунглей: Кругосветка, 2024)
  • ·18:30 – “Iň soňky aždarha” multfilmi (Последний дракон, 2024)
  • ·20:20 – “Uly syýahat. Dünýäniň daş-töweregine” (Большое путешествие: Вокруг света, 2024)

şu gün 00:03
2.4k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.6k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......