Türkmenistanyň Astrahandaky we Bişkekdäki diplomatik wekilhanalary sport ýaryşlaryny geçirdi

  • 20.09.2024 10:52
  • 4.1k+

13-14-nji sentýabrda Astrahanda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň guramagynda mini-futbol boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Bäsleşige Astrahan oblastynda we Stawropol sebitinde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekillerinden ybarat bolan toparlar, şeýle hem Astrahan oblastynda bilim alýan türkmen talyplaryndan ybarat bolan Konsullygyň topary gatnaşdylar.
Ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňiji bolan toparlara Kubok we medallar gowşuryldy.

14-nji sentýabrda Bişkek şäherinde hem türkmen diasporasynyň wekilleriniň we Bişkegiň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi.
Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu sport ýaryşy hem beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.
Ýaryşyň ahyrynda onuň ýeňijilerine we gatnaşyjylara Türkmenistanyň ilçihanasynyň adyndan Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy we beýleki ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......