Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýa iş saparyny amala aşyrdy

  • 19.09.2024 21:50
  • 6.6k+

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde çykyş etdi.

M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde ileri tutulýan ugurlar boýunça dürli derejelerde geňeşmeleri geçirmek tejribesiniň ýola goýlandygyny belledi. Türkmenistanyň amala aşyrýan ähli tagallalary Agentlik bilen geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny görkezýär.
18-nji sentýabrda türkmen wekiliýetiniň IAEA-nyň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşygy geçirildi.


Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary dogrusynda pikir alyşdylar.
Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda lukmançylyk, hususan-da onkologiýa kesellerine garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlyk görkezildi.
Türkmen wekiliýetiniň Wena amala aşyran saparynyň çäginde M.Bäşimowanyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen CTBTO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasynyň güýje girmeginiň hem-de parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini bellediler.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......