Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň täze 3 görnüşi döredildi

  • 18.09.2024 12:33
  • 6.5k+

Türkmenistanda oba hojalyk pudagynda tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmek boýunça işleriň netijesinde güýzlük bugdaýyň täze görnüşleri döredildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, täze görnüşler Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda döredildi. Degişlilikde, bu täze tohumlaryň birinji görnüşi “Serdar”, ikinji görnüşi “Arkadag”, üçünji görnüşi bolsa “Pyragy” diýlip atlandyryldy.
16-njy sentýabrda Aşgabatda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisiniň
 çäklerinde wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iwan Kuzmin bilen duşuşygy geçirildi. Onda tohumçylyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de oba hojalyk önümçiligine ekinleriň, şol sanda güýzlük bugdaýyň täze görnüşlerini giňden ornaşdyrmak meselelerine, tohumçylykda gazanylanlara, bugdaýyň täze görnüşleriniň tohumçylygyny ylmy esasda alyp barjak ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertleriň döredilmegine bagyşlanan “tegelek stol” duşuşyklary geçirildi.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......