Türkmenistan BSG-e agza bolmagyň çäklerinde daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany taýýarlaýar

  • 18.09.2024 12:25
  • 2.2k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Bütindünýä söwda guramasynyň wekiliýeti bilen ýurdumyzyň bu gurama agza bolmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirilen duşuşyga BSG-e agza bolmak departamentiniň direktory Maika Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary gatnaşdy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy üçin taýýarlyk çärelerini geçirmegi bilen baglanyşykly wezipeleriň amala aşyrylyşy boýunça meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurdumyz häzirki wagtda Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany taýýarlamak boýunça netijeli içerki işleri alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň BSG-e agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Pudagara Hökümet toparynyň yzygiderli işi hem bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi bilen baglanyşykly ileri tutulýan meseleler boýunça pikir alyşdylar.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......