Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygyny belledi

  • 17.09.2024 22:07
  • 6.6k+

Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda ykdysadyýeti Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezdi. 

«Ykdysadyýet biziň gatnaşyklarymyzyň öňbaşçysy bolmalydyr, bir tarapdan, sebitiň ýurtlarynda german işewürliginiň berk we durnukly ornuny, beýleki tarapdan bolsa, Merkezi Aziýanyň dünýä ykdysadyýetine, maýa goýum işlerine, şol sanda german kompaniýalary bilen gatnaşyklar arkaly çalt we netijeli goşulyşmagyny üpjün etmelidir» – diýip,  Serdar Berdimuhamedow belledi.

Biziň formatymyzdaky ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygy oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ösmäge we giňelmäge oňat mümkinçilikleri bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ulag we logistikany, kommunikasiýany, energetikany, senagat önümçiligini, himiýa senagatyny, maşyngurluşygy, saglygy goraýşy we derman senagatyny, obasenagat toplumyny innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky işläp taýýarlamalary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi. 
Bu gün bize häzirki döwrüň talaplaryna we isleglerine esaslanýan bilelikdäki işewürligi ýöretmegiň täze usullaryna geçmek zerur bolup durýar. Şunda intellektiň, öňdebaryjy menejmentiň adam serişdesini ulanmagyň orny ýokarlanýar. Bilimli, sosial taýdan ýaş nesle eýe bolan Merkezi Aziýa sebiti bu serişdelere baýdyr diýip, Serdar Berdimuhamedow çykyşynda belledi.
Şunuň bilen baglylykda, biziň sebitimiziň ýurtlarynyň çäklerinde bilelikdäki önümçilikleriň, hyzmat ediş we trening merkezleriniň işini ýola goýmagyň, ýokary hünärli hünärmenleriň okuwlaryny guramagyň geljegi uly hasaplanylýar. 
Döwlet Baştutany Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi barada aýdyp, Aziýany we Ýewropany birleşdirýän sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşýändigi, onuň giň hem-de köpdürli tebigy serişdeleri, demografiýa babatdaky uly mümkinçiligi Germaniýanyň senagat we tehnologik derejesi, tejribesi hem-de halkara işewürligi ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary biziň ýurtlarymyz üçin bilelikde işlemek babatda uly mümkinçilikleri açýar diýip nygtady.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....