Serdar Berdimuhamedow ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» Sammitine gatnaşýar

  • 17.09.2024 13:38
  • 8.2k+

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýar.

Ýokary derejeli mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe duşuşyklary geçirdi, şol sanda Germaniýanyň Hökümetiniň Baştutany we meşhur nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
«Merkezi Aziýa – Germaniýa» duşuşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra wekiliýetleriň Baştutanlary mejlisler zalyna çagyryldy. 

Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň başlyklyk etmeginde geçirilýän Sammitiň işine Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolts, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar.
Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýanyň Federal Kansleriniň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Berlinde geçirilen «5+1» formatdaky birinji Sammiti şu formatdaky ysnyşykly gatnaşyklaryň başyny başlady. Şol duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. 


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....