Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolts bilen duşuşdy

  • 17.09.2024 13:29
  • 3.2k+

Şu gün Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolts bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Germaniýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge aýratyn üns berilmeginiň wajyplygyny nygtap, Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ulgamlaýyn we uzak möhletleýinlik esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklar 90-dan gowrak dürli görnüşli şertnamalary we ylalaşyklary öz içine alýan mäkäm hukuk binýadyna daýanýar.
Iki ýurduň arasynda geçirilýän Ykdysadyýet günleriň, işewürler forumlarynyň we ykdysady sergileriň ulgamlaýyn häsiýetini belläp, Serdar Berdimuhamedow Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň möhüm ornuny nygtap geçdi.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....