Polşada keltleriň ýaşy 2300 ýyl bolan bürünç tuwulgasy tapyldy

  • 17.09.2024 11:32
  • 9.7k+

Warşawa arheologiýa muzeýiniň arheologlary şu ýylyň awgust aýynda takmynan ýaşy 2300 ýyl bolan keltleriň bürünç tuwulgasyny tapdylar. Bu tapyndy Warşawanyň takmynan 105 km demirgazygynda ýerleşýän Lysa-Gura arheologiki ýerinde tapyldy.

Konus görnüşli depesi bolan "berru" dizaýnynda ýasalan tuwulga öň deri ýa-da mata bilen örtülipdir. Ol eýesiniň ýokary derejesine, şeýle hem Ýewropanyň bu böleginde keltleriň ýaşandygyna şaýatlyk edýär.
Şu wagta çenli kelt taýpalary diňe Polşanyň günorta bölegi bilen baglanyşdyrylýardy. Bu taýpalar bu ýere takmynan b.e. öň 400-nji ýylda söwda ýollaryna we ýantar ýaly gymmat bahaly daşlaryň çeşmelerine gözegçilik etmek üçin göçüp gelipdirler.
Lysa-Guradaky gazuw-agtaryş işleri XIX asyrdan bäri dowam edýär we bu ýer köplenç hazyna rowaýatlary bilen baglanyşdyrylýar. Arheologlar tuwulgadan başga-da, Günorta Ýewropadan demir paltalar, gylyçlar, şaý-sepler we iş gurallary ýaly 300-den gowrak ýadygärlik tapdylar.


13.06.2026 12:29
5.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

11.06.2026 14:01
8.2k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......