Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň taslamalaryna düzedişleri girizdi

  • 16.09.2024 09:45
  • 12k+

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we şäheriň häkimi G.Mämmedowa bu ýerde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.
Görkezilýän taslamalaryň hatarynda:

  • söwda merkeziniň;
  • myhmanhananyň;
  • dynç alyş seýilgähiniň;
  • ähli amatlyklary özünde jemleýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň;
  • şypahananyň;
  • maglumat tehnologiýalary boýunça umumybilim berýän merkeziň;
  • işewürlik merkeziniň;
  • Oba hojalyk uniwersitetiniň şekil taslamalary bar.

Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk seýilgähiniň şekil taslamasy, seýilgähiň, şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän dürli baglaryň, gülleriň, seýilgähde goýulmagy meýilleşdirilýän oturgyçlaryň we germewleriň görnüşleri, elektron enjam arkaly dolandyrylýan mehaniki haly sergileýiş ulgamynyň şekilleri görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri binalaryň içinde bezeg serişdeleri bilen owadan görnüşli halylaryň sazlaşykly ulanylmalydygyny tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çäklerinde ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän mehaniki haly sergileýiş elektron enjamynyň döwrebap derejede ulanylmagyna, onda sanly tehnologiýalaryň, täzeçil usullaryň işjeň peýdalanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Halkara giňişlikde şöhrat gazanan türkmen halylaryny tanyşdyrýan maglumatlar dünýä dillerinde beýan edilmelidir. Munuň özi onuň ýurdumyza gelýän köp sanly myhmanlar üçin düşnükli bolmagynda ähmiýetlidir.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......