OpenAI täze OpenAI o1 emeli aň modelini hödürledi: ol “adam ýaly pikirlenýär”

  • 14.09.2024 14:06
  • 3k+

OpenAI kompaniýasy meşhur ChatGPT çat-botunyň işlemegi üçin esas bolup hyzmat etjek täze OpenAI o1 emeli aň (EA) modelini hödürledi. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, neýroulgamyň täze modeli “oýlap-ölçerip” we “pikirlenip” bilýär.

Öňki GPT-4o modeli bilen deňeşdirilende, OpenAI o1 alty esse akyllydyr. Ol kodlamakda, fizikada, himiýada we biologiýada gowy netijeleri görkezýär. Özbaşdak pikirlenmek ukyby EA modeline filosofiýa boýunça ýumuşlardan baş çykarmaga mümkinçilik berýär. Häzir model ylmy dersleriň doktory derejesinde jogap berýär. 
OpenAI Halkara matematika olimpiadasyndaky seçip alyş synagynda OpenAI o1-iň ýumuşlaryň 83%-ini dogry çözendigini, GPT-4o-yň bolsa bary-ýogy 13%-ini çözendigini belledi.
¾Biz bu modele adamlar ýaly, jogap bermezden öň meseläni gowy oýlap-ölçermek üçin köp wagt sarp etmegi öwretdik. Öwretmegiň netijesinde olar öz pikirleniş prosesini kämilleşdirmegi, dürli strategiýalary barlap görmegi we öz ýalňyşlyklaryny boýun almagy öwrenýärler – diýip, OpenAI belleýär.
OpenAI o1-iň çykmagy bilen OpenAI kompaniýasy özüniň ahyrky maksadyna – AGI-ni döretmäge ýakynlaşýar. AGI – bu adamyňka meňzeş we öz-özi öwrenmäge ukyply kämil emeli aň. 
Täze EA modeli eýýäm prewýu-görnüşde ChatGPT ulanyjylary üçin elýeterlidir. Ony işe girizmek üçin Plus we Team wersiýalaryna ýazylmaly. Şeýle-de, geljekde ulanyjylar üçin ýazylmagy talap etmeýän o1-mini elýeterli bolar. Bu OpenAI o1-iň az maglumatlary işläp bilýän wersiýasydyr.


şu gün 10:51
517

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......