Sentýabryň ahyrynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlener

  • 14.09.2024 10:08
  • 7.9k+

28-nji sentýabrda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde habar berdi.

Dabara Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşik yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan degişli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaş ýazyjylaryň, dramaturglaryň, suratkeşleriň, sazandalaryň hem-de kitaphana işgärleriniň arasynda birnäçe döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Olaryň jemleri jemlenildi hem-de ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabaralary boldy.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......