Parahat -7 ýaşaýyş toplumynda 13 sany ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh açylar

  • 14.09.2024 08:35
  • 13k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 4 sany her biri 54 öýli, 9 gatly, 9 sany her biri 36 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh açylar. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow Hökümet mejlisinde aýtdy diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň baş baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabady bagy-bossanlyga büremek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalary abatlamak, ýanaşyk ýerleri, seýilgähleri, baglary, suw çüwdürimlerini abadanlaşdyrmak, bezeg güllerini ekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....