«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna 3D geofiziki enjamlar toplumy ornaşdyrylar

  • 14.09.2024 08:20
  • 4.8k+

13-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna “Türkmengeologiýa” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli teklibi hödürledi.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň sanly ulgam arkaly dolandyrylýan we dürli şertlerde işlemäge mümkinçiligi bolan 3D geofiziki enjamlar toplumy bilen üpjün edilmegi türkmen geologlaryna uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmaga, anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň, pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek hem-de zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmek babatda çäreleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna 3D geofiziki enjamlar toplumyny ornaşdyrmak baradaky teklibini goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......