«Hi-tech Startup Turkmenistan 2024» bäsleşiginiň iň gowy taslamalary yglan edildi

  • 14.09.2024 08:06
  • 4.1k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «HI-TECH Türkmenistan Startup 2024» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bäsleşik ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatynyň we serginiň çäginde gurnaldy.
Finala 12 sany taslama çykdy. Final tapgyrda oňa gatnaşyjylar başlangyçlaryny bäş minutda tanyşdyrdylar, eminler bolsa taslamalaryň üçüsini saýladylar.
Ýaş innowatorlar türkmen dilini goldaýan emeli aň, peýdaly goşundylar we beýleki «akylly» tehnologiýalary öz içine alýan ösüşlerini teklip etdiler we olaryň esasy wezipesi gündelik durmuşda peýdaly bolmagydyr.


Eminleriň karary bilen, birinji orny «Unite» taslamasyna, ikinji orny «Allsounds» taslamasyna, üçünji orny bolsa «Biar delivery» taslamasynyň toparyna berildi.
«Allsounds» we «Soulin» taslamalarynyň toparlary Aşgabat başlangyç akademiýasynyň inkubasiýa maksatnamasyna gatnaşmak üçin höweslendiriji arzanladyş talonlaryny aldylar.
Şeýle hem «DormWave» taslamasynyň awtorlary okuw meýilnamasynda tölegsiz sapak almaga mümkinçilik aldylar. «Soulin» taslamasy türkmen dilinde sintez etmek we söz döretmek üçin emeli aň ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen pikiri, tomaşaçylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.


Aslynda, türkmen höwesjeňleri tarapyndan işlenip düzülen bu taslama «Alisa»-ny (howaýy ses kömekçisi) aňladýar, ýöne diňe türkmen dilinde. Awtorlaryň belleýşi ýaly, teklip edilýän bu taslama ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda jaň merkezlerini awtomatlaşdyrmakdan başlap, «akylly» öýlerde öý enjamlaryna gözegçilik etmek üçin durmuşa geçirilip bilner.
Başlangyç bäsleşigine gatnaşyjylary gutlap, «Skolkowo» gaznasynyň wekili Aleksandr Okunew türkmen höwesjeňlerini Moskwanyň innowasiýa merkeziniň çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle hem «HI-TECH Türkmenistan Startup 2024» ýeňijileri «Skolkowo» hünärmenlerinden taslamalaryny tamamlamak boýunça mugt maslahat alyp bilerler.


24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......