Alymlar atmosferada ýüzlerçe howply organizmi ýüze çykardylar

  • 13.09.2024 14:30
  • 7.3k+

Alymlar üç kilometre çenli belentlikde atmosferada köp sanly howply mikroorganizmleriň bardygyny anykladylar. Ylmy işiň netijeleri “Proceedings of the National Academy of Sciences” žurnalynda hödürlendi.

Cessna ýeňil uçarynda Ýaponiýanyň üstünden uçuş wagty ylmy gözlegçiler kömelejik sporalaryny we bakteriýalary saklaýan howa nusgalaryny ýygnadylar. Olardan Escherichia coli we Staphylococcus epidermidis ýaly käbirleri düýpli keselleri, şol sanda mikroblara garşy derman serişdelerine durnukly ýokanç kesellerini ýüze çykarýar.
Nusgalar atmosferanyň aşaky gatlagynda, troposferada ýygnaldy, bu ýerde howa massalary uzak aralyklara çalt hereket edip bilýärler. Ylmy gözleg bu mikroorganizmleriň iki müň kilometr aralygy geçip biljekdigini anyklady. Umuman alanyňda, kömelejikleriň 266 görnüşi we bakteriýalaryň 305 görnüşi ýüze çykaryldy, olaryň köpüsi toprakda ýa-da ösümliklerde ýaşaýar, käbirleri bolsa patogendir.
Barselona global saglygy goraýyş institutynyň hünärmenleri güýçli ýeliň netijesinde bu organizmleriň bütin dünýä ýaýrap biljekdigini çaklaýarlar. Ýöne gözlegçiler belentlikdäki mikroblaryň ýere düşende adamlarda kesel döredip biljekdigine göni subutnamalarynyň ýokdugyny belleýärler. Muny anyklamak üçin alymlar howa nusgalaryny we adam öýjüklerini ulanmak bilen goşmaça gözleg geçirmegi meýilleşdirýärler.
Howada mikroorganizmleriň saklanyp biljekdigi öňden bäri bellidi. Bu ilkinji gezek 1920-nji ýyllarda ylmy gözlegçiler ABŞ-nyň üstündäki howada kömelejik sporalaryny ýüze çykaranynda belli boldy. Şeýle-de bolsa, olaryň atmosferada hereket we ýaşaýyş masştaby henizem doly öwrenilmedikdir.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....