ChatGPT keselleri anyklamakda ýaş lukmanlardan has gowy netijeleri görkezdi

  • 12.09.2024 10:38
  • 2.7k+

ChatGPT çat-boty tejribelik geçýän (stažýor) lukmanlara garanyňda, çagalarda çylşyrymly dem alyş kesellerini anyklamakda has täsirli netijeleri görkezdi. Bu barada Ýewropanyň respirator jemgyýetiniň kongresinde hödürlenen täze barlagda aýdylýar diýip, Medical Xpress habar berýär.

Edinburgda ýerleşen Çagalaryň we ýaşlaryň Patyşalyk keselhanasynda geçirilen barlagyň dowamynda ChatGPT mukowissidoz, demgysma we döş kapasasynyň ýokanç keselleri ýaly, çylşyrymly kliniki ýagdaýlary anyklamakda üstünlik gazandy.
Barlagçylar hakyky durmuşda duşýan kliniki ýagdaýlary ulandylar we tejribesi dört aýdan az bolmadyk stažýor lukmanlaryň we emeli aňyň öňünde kesel kesgidini anyklamak boýunça çylşyrymly meseläni goýdular.
OpenAI tarapyndan işlenip düzülen ChatGPT 3.5-iň jogaby iň ýokary orta bal - mümkin bolan 9 baldan  7 bal alyp, iň “ynsanperwer” jogap diýlip ykrar edildi. Google Bard (häzirki Gemini) hem-de Microsoft Bing pes netijeleri görkezdiler we hünärmenler olaryň jogaplarynyň tebigatyny aňsatlyk bilen ýüze çykardylar.
Gözlegiň esasy awtory, doktor Manjit Naraýanan iri dil modelleriniň ilkinji gezek hakyky durmuş tejribesine mümkin boldugyça golaý şertlerde synagdan geçirilýändigini nygtady. Barlag emeli aňyň keselleri anyklamakda gymmatly gural bolup biljekdigini, ýöne kliniki tejribä ornaşdyrmazdan ozal onuň takyklygyny we howpsuzlygyny öwrenmegiň möhümdigini görkezdi.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......