Raýat ekipažy Polaris Dawn missiýasynyň çäklerinde ilkinji gezek açyk kosmosa çykar

  • 10.09.2024 23:06
  • 4.2k+

SpaceX kompaniýasy raýat ekipažy bilen ilkinji Polaris Dawn gözleg missiýasyny uçurdy. Crew Dragon gämisi Florida ştatynyň Kanaweral burnundan uçdy.

Falcon 9 raketa göterijisi iki basgançakda-da üstünlikli aýryldy.
Polaris Dawn missiýasy bäş gün dowam eder we 50 ýyldan gowrak wagt ozal NASA-nyň Aýa gonuşyndan bäri iň uzak kosmos uçuşy bolar. Missiýanyň üçünji güni, 12-nji sentýabrda hünärmen däl astronawtlaryň ilkinji gezek açyk kosmosa çykmagy meýilleşdirilýär. Iki sagat dowam etjek bu kosmosa çykyş Ýerden 700 km belentlikde amala aşyrylar.
Ekipažyň düzümine missiýany SpaceX bilen bilelikde maliýeleşdiren milliarder Jared Aýzekman, ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň öňki podpolkownigi Skott Potit, şeýle-de SpaceX-iň iki işgäri: kosmos amallary boýunça baş inžener Anna Menon we kosmonawtlary taýýarlamak boýunça inžener Sara Jillis girdi.
Ilkibaşda Polaris Dawn-yň uçurylyşy 28-nji awgusta meýilleşdirilipdi, ýöne tehniki sebäpler esasynda ençeme gezek yza süýşürildi.


düýn 13:56
1.1k+

Britaniýa syýahatçylyk we talyp wizalarynyň bahasyny galdyrar

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinden başlap, Beýik Britaniýa ýurda girmek üçin zerur bolan wizalaryň köpüsi üçin tölegleri ýokarlandyrar. Bu barada Birleşen Korollygyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda......

21.03.2026 07:40
1.6k+

Aşgabatda aprel aýynda «Turkmentravel – 2026» syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilen esasy meseleleriň biri «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy. Çäreleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

20.03.2026 18:20
7.4k+

Samarkantda ymam al-Buharynyň toplumy açyldy: indi ol 65 müň zyýaratçyny kabul edip bilýär

Özbegistanyň Samarkant welaýatynda düýpli durkuny täzeleme işlerinden soň, ymam al-Buharynyň täzelenen ýadygärlik toplumy açyldy. Indi bu iri ruhy merkez öňki 12 müň adamyň deregine, her gün 65 müňe çenli zyýaratçyny kabul edip bilýär...

06.03.2026 20:39
5.4k+

Hytaýda gadymy wulkanlaryň arasynda täsin syýahatçylyk merkezi guruldy

Binagärlik dünýäsiniň iň täze we gyzykly taslamalarynyň biri bolan «Volcano-In» syýahatçylyk merkezi Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitindäki Baýinkulun etrabynda gurlup gutaryldy. PLAT ASIA binagärlik edarasy tarapyndan döredilen bu desga «Sähra we wulkanlar» atly uly syýahatçylyk toplumynyň bir bölegi bolup durýar...