Aşgabatda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleri duşuşdy

  • 10.09.2024 13:35
  • 2.3k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyza gelen Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Hajy Mohamad bin Hajy Hasan bilen duşuşdy.  Malaýziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk 9-njy sentýabrda geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-inde habar bermeklerine görä, duşuşygyň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň, YHG-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklara we syýasy-diplomatik ugur boýunça amala aşyrylýan hyzmatdaşlyga hem garaldy.
Söhbetdeşler sebit we halkara gün tertibiniň birnäçe ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny nygtadylar.
Şeýle-de ministrler söwda-ykdysady, ylym, medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 18:57
658

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
960

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
981

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......